Arkadag hem Pyragy – köňülleriň çyragy

Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň mazmunyny Magtymguly Pyragynyň goşgularyna eýlemegi beýiklikden delalatdyr. Bu günki gün ýaşlaryň gymmatly gollanmasy bolan Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplary Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň mazmuny bilen utgaşanda nesilleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly ruhy baýlyk bolup durýar. Pyragy, onuň ruhy, şygyrlary ähli ýerde bar. Ak şäherimiz Aşgabadyň köçeleriniň akyldaryň şygyrlary bilen bezelmegi hem sözümiziň iň sada delili.

Arkadag şäherini synlasaň ýa-da merjen şäherimiz Aşgabadyň durkuny syn etseň Pyragynyň: “Erer ol erkin mydam budur türkmen galasy” , “Bil polatdan bina bolgan budur türkmen binasy” diýen setirleri seriňe dolýar. Bir supranyň başyna jem bolan halkymyzyň bagtyýarlygynyň, il-halkyň agzybirliginiň sakasynda Magtymguly atamyzyň şygyrlarynyň güýjüni görýäris. Magtymguly atamyz: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,/Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýmek bilen il-gününi agzybirlige çagyrypdyr. “Teke ýomut ýazyr gökleň alili,/Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz” diýip kalbyndaky döwlet bolmak arzuwyny beýan edipdir. “Hor bolmasyn puştba-puşdum,/Berkarar döwlet islärin” diýen setirleri hem dana şahyryň ýürek arzuwlarynyň mydama il-halkynyň bagtyýarlygy berkarar döwlet bolmagyny isländigini görkezýär.

“Türkmen ilim eý adamzat,/Azat il, güzer islärin”, “Pyragy, watan diýp gan döker gözüm,/Baky garap durmuş hijrana ýüzüm”… setirleri okadygyňça, gözüň berkararlygyň, il agzybirliginiň arzuwlary bilen utgaşýan şunuň ýaly mysallardan dokunar. Bu günki bagtyýar döwre, berkarar il-güne bakdykça bolsa Pyragynyň şol setirleri göz alnyňdan kerwen gurap geçer durar, zybanyňa dolup seriňde aýlanar. Şeýdibem, kalbyňa ornar. Parahatlygyň, asudalygyň howasyndan dem alýan ýaş nesilleriň nazary hemişe, hemme ýerde Magtymguly Pyraga düşýär.

Bu zatlaryň özeninde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan dünýä nusgalyk syýasaty, beýik akyldara goýýan çäksiz sarpalary ýatyr. Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar bolan biziň paýymyza özümize bildirilýän beýik ynamdan peýdalanyp, diňe okamak, öwrenmek, döretmek, Magtymguly atamyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza mynasyp nesiller bolmak düşýär.

Beýik Magtymguly atamyzy tirsegine galdyryp, abraý-mertebesini dünýä tanadan, akyldaryň arzuw eden berkarar döwletini gurup, il-gününi baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn!

Şatlyk AÝMAKOW,

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň
2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok