Türkmen poeziýasynyň dürdänesi

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň dünýä şöhratyna eýe bolmagyny şertlendirdi. Akyldar şahyryň goşgulary tutuş dünýäde millionlarça adamyň kalbyny joşdurýar. Çünki şol eserlerde ruhy-ahlak, terbiýe gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Dana şahyrymyzyň goşgularyndan kemal tapyp terbiýelenen nesiller şuglaly geljegiň kepilidir.

Kämil adam, kämil şahsyýet hakdaky pikir ähli döwürleriň ýüzbe-ýüz bolýan hem-de jogap gözleýän meselesidir. Gündogaryň beýik danalary Jelaletdin Rumynyň, Saadynyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Döwletmämmet Azadynyň döredijiliginde-de bu mesele gozgalýar. Magtymguly Pyragy halypalarynyň kämil ynsan hakdaky pikirlerini ösdürýär we döwrüň ruhuna, islegine laýyk kämil şahsyýetiň çeper keşbini şahyrana ussatlygyň üsti bilen halka hödürleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň baý hem-de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillere ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik we ahlak taýdan terbiýelemekde taryhy we medeni mirasymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny goramak, giňden öwrenmek, ýaş nesillere ýetirmek, wagyz etmek ýaly asylly işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli edebiýatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Aýgül AHMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok