Türkmenistanda ferrosplawlary öndürýän zawod gurmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň çäginde ferrosplawlary (kremniýniň we demiriň splawy, kremniý karbidi we tehniki kremniý) öndürýän zawod gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi ferrosplawlary öndürýän zawodyň gurluşygy boýunça taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak üçin açyk görnüşli halkara bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin oňa gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasy goşulan hem-de ýazmaça görnüşde ýazylan arza tabşyrylmaly.

Şeýle hem bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 225 ABŞ dollary GBüS tölegi) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölemeli.

Ilşat ISKENDEROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok