Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir täze güni Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, ata ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. Mähriban halkymyz Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny tüýs ýürekden goldap, belent-belent maksatlara ýetmek, ata Watanymyzyň röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny gurmak ugrunda yhlas bilen zähmet çekýärler. Diýarymyzyň ähli babatdaky okgunly ösüşi, dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp orny ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny barha berkidýär. Ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler dünýä döwletleriniň hem-de iri halkara guramalaryň giň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan dialog hem işjeň ösüşe eýe boldy. Bu bolsa döwletimiziň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň aýdyň beýany bolmak bilen, daşary syýasat ugrunyň halkara bileleşik tarapyndan barha giň goldawa eýe bolýandygynyň netijesidir.
Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Munuň özi halkara derejede medeni ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.
Medeni mirasymyzyň, milli gymmatlyklarymyzyň wagyz edilmegine, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň özeni bolan milliligimiziň sarpalanmagyna şeýle uly üns berilýän döwürde 2024-nji ýylyň şygarynyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy buýsandyryjy wakadyr. Bu şygar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlarymyzdan gelip gowşan tekliplerden ugur alnyp öňe sürüldi. Şeýle-de 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bu şygaryň aýratyn many-mazmuna eýedigini äşgär edýär.
Bulardan başga-da TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, beýik şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň geçen ýylyň maý aýynda Parižde geçirilen mejlisinde «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň edebi döredijiliginiň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem tutuş umumadamzat gymatlygydygyny dolulygyna açyp görkezýär. Türkmenistan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen bu çözgüt ata Watanymyzyň medeni diplomatiýasyny dünýä derejesinde ilerletmäge mümkinçilik berýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler