Türkmenistan 2 müň tonna pomidory Moskwa eksport etdi

Täze 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistan Russiýanyň Moskwa sebitine 2 müň tonna ter pomidor eksport etdi. Bu barada Federal weterinariýa we fitosanitar gözegçilik gullugynyň (“Rosselhoznadzor”) Moskwa we Tula sebitleri boýunça edarasy habar berýär.

“Rosselhoznadzoryň” Moskwa we Tula sebitleri boýunça edarasy 2024-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan 2 müň tonna ter pomidor getiren 116 ýük awtoulagynda karantin fitosanitar barlaglaryny geçirdi.

Ösümlik karantin merkeziniň hünärmenleri tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri önümleriň karantin fitosanitar talaplaryna laýyk gelýändigini kesgitledi.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Türkmenistan ter pomidory Russiýa bazaryna iň köp eksport edýän ýurtlaryň biridir.

Batyr JUMAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok