Ahalteke bedewi türkmeniň milli guwanjy

Öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ahalteke bedewlerini Ýer ýüzünde tanamaýan ýokdur. At-owazasy, şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleri hakda dünýäniň görnükli alymlary ahalteke atynyň tarypyny dilden düşürmändirler. Guş ýaly ýyndam, adam dek duýgur, gamyşgulak, syratly ahalteke bedewlerimiz görenleri haýrana goýýar. Ahalteke bedewlerine owadanlykda, eýesine wepalylykda, çydamlylykda, duýgurlyga taý tapylmaýar. Şonuň üçin “Ertir tur-da, ataňy gör, ataňdan soň atyňy” ýaly nakyllaryň döremegi hem ýöne ýerden däldir. “Uzakdan-uzak synalary, at janaweriň dem alşy, göwresiniň mäkäm sazlaşygy türkmen bedewinden gaýry dünýäniň hiç atynda ýok” diýip, fransuz alymy Gaýo haýran galypdyr. “Türkmenlerde bedew ata aýagy bilen depip, söweş mahaly eýesine ýardam bermegi ýa-da üstündäki esgeriň yşaraty bilen duşmana topulyp, oňa dişini urmagy öwretmek adaty bir zat saýylýar” diýip, meşhur iňlis syýahatçysy J.Frezer ýazypdyr. Has gadymy ýazuw ýadygärliklerine ser salanymyzda-da türkmen bedewlerine degişli ýazgylara köp duş gelýäris. Gyrat Görogly beg türkmeniň soňky demine çenli wepaly syrdaşy, ömürlik hemrasy bolupdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy “Ol nämedir adam ýaly syzýar?” diýmek bilen bedewiň türkmen ýigidiniň hossarydygyny çeper sözler arkaly beýan edýär.

Bedew atyň aýratynlyklary:

  • Başga haýwanyň agzyndan galan iými iýmeýär.
  • Bulanyk suw içýär. Dury suw içmeýänliginiň sebäbi suwda öz keşbini görüp ürkýär.
  • At gowy eşidýänligi, duýgurlygy, güýçli ys alşy, eýesini gowy tanaýanlygy bilen tanalýar.
  • Bedew at ýiti görüjiligi bilen tapawutlanýar.
  • Üstüne münen adamyň erkine görä hereket edýär.

Abdymuhammet ORAZOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok