Aziýanyň iň gymmat oýunçylarynyň biri “Arkadag” futbol toparynda

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň agzasy, “Arkadag” futbol toparynyň oýunçysy Resul Çaryýew Merkezi Aziýanyň iň gymmat 6-njy futbol oýunçysy boldy.

Türkmen futbolçysyny başga topara geçirmek üçin geçirilmeli tölegi 175 müň ýewro möçberde bahalanýar. Täjigistanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy, “Istiklol” futbol toparynyň düzüminde çykyş edýän Rustam Ýatimow Merkezi Aziýanyň iň gymmat bahaly oýunçysy boldy. Onuň transfer bahasy 900 müň ýewro barabardyr.

Özbegistanly futbolçylar Utkira Ýusupowyň we Abduwohida Nematowyň transfer bahalary 700 müň ýewro möçberinde bahalanýar. Gazagystanly futbolçy Igor Şaskiý 600 müň ýewro, gyrgyzystanly Eržan Tokotaýew hem 300 müň ýewro möçberde bahalanýar.

Arslangeldi BAÝRAMOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok