Aşgabatda geçirilen dünýä çempionaty tamamlanyp barýan ýylyň iň gowy ýaryşy

Halkara kuraş federasiýasy Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyny tamamlanyp barýan ýylyň iň gowy ýaryşy hökmünde ykrar etdi.

«Aşgabatda geçirilen kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty sportuň bu görnüşi boýunça guralýan dünýä birinjilikleriniň taryhyndaky iň gowy ýaryşlaryň biri boly. Ýaryşa 50 töweregi döwletden 500-den gowrak adam gatnaşdy. Türkmenistanyň Hökümeti ýaryşy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli tagallalary etdi» diýlip, habarda bellenilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri Aşgabatdaky dünýä çempionatynda 5 altyn, 6 kümüş, 4 bürünç — jemi 15 medal gazandylar.

Eziz SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok