Kömelekleriň bol we oňat hilli hasyly terligi bilen sarp edijilere ýetirilýär

Balkanabat şäherindäki «Altyn-Nur Zamany» hususy kärhanasynyň işjeň agzalaram adygan telekeçileriň hatarynda tanalýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň welaýat merkeziniň golaýyndaky Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän ýyladyşhanasynda hem işler sazlaşykly, ýokary guramaçylyk ýagdaýynda ýola goýlupdyr. Bu ýerde Täze ýyla taýýarlyk görülýän häzirki günlerde ösdürilip ýetişdirilen kömelekleriň bol we oňat hilli hasyly terligi bilen sarp edijilere ýetirilýär.

Öňdebaryjy ýyladyşhana indi ençeme ýyl bäri ilatymyza hyzmat edip gelýär. Şeýle-de, bu ýerde ter kömelekleri ýylyň islendik paslynda ösdürip ýetişdirmek üçin Hytaý, Ýaponiýa ýaly ýurtlardan satyn alnan öňdebaryjy tehnologiýalar ussatlyk bilen ýerlikli ulanylýar. Agrotehniki çärelerem awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylyp, diňe hasyly ýygnap almak hem-de olary ýaraşykly gaplara gaplamak işleri hünärmenleriň el güýji bilen ýerine ýetirilýär.

Ekologiýa taýdan arassa, ýokumly, täsin nygmat hasaplanýan kömeleklere ýurdumyzyň ak bazarlarynda, söwda nokatlarynda islegler barha artýar. Hut şonuň üçinem hünärmenler alyjylaryň ösen isleglerini yzygiderli öwrenýärler. Ýygnalyp alynýan ter kömelekleriň belli bir möçberi aýna gaplarda konserwirlenen görnüşde taýýarlanylýar. Ýakyn wagtda olary daşarky bazarlara ibermek göz öňünde tutulýar.

Täzegül HOJAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok