Her bir güni şanly wakalara beslenip, taryha zer harplar bilen ýazylýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi agzybir türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Arassa ganly türkmen bedewleri tebigy taýdan gözelligi, ynsana mahsus wepadarlyk ýaly häsiýetleri bilen asyrlar boýy dünýä ýüzüni özüne bendi edip gelýär.
Taryhyň çuň köklerini yzarlanyňda, dürli döwürlerde halkymyza bedewleriň çyn ýaranlyk edendiklerini edebi eserlerde, taryhy maglumatlarda tassyklaýan köp sanly wakalara gabat gelmek bolýar. Türkmen bedewi goç ýigitleriň kyn gününde ýoldaşy, şat gününde gardaşy bolupdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň göz guwanjy, döwletliligiň, ruhubelentligiň nyşany bolan ahalteke atlarynyň tohumyny gorap saklamak, olary köpeltmek, halypa ussatlardan seýisçilik sungatyny ýaş nesillere geçirmek barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär.
Döwletimizde atlary ýetişdirmek bilen bir hatarda atçylyk sportyny ösdürmäge, ahalteke bedewleriniň dünýädäki abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, atçylyk sungaty bilen bagly milli ýörelgeleri giňden wagyz etmäge aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Begençdurdy MÜLKIÝEW,
Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň
wiwariýa bölümçesiniň başlygy.
Teswirler