Milli Liderimiziň başlangyjy hem-de Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň aladalary bilen türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň edebi eserlerini, halkyň milli-edebi gymmatlyklaryny gorap saklamaga, olary dünýäniň beýleki halklaryna ýaýmaga uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyz öz çykyşlarynyň birinde: ”Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi türkmen edebiýatynyň buldurap akýan çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi” diýip, beýik şahyryň dürler hazynasyna ýokary baha berýär.
Milli Liderimiz “Ömrümiň manysy” kitabynda birnäçe akyldarlaryň, Mahmyt Kaşgarlynyň, Omar Haýýamyň, Ýusup Balasagunlynyň, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Jelaleddin Rumynyň, Alyşir Nowaýynyň, Muhammet Fizulynyň… atlarynyň arasynda Magtymgulynyň adyny tutmak bilen beýik şahyryň iň uly arzuwyny hasyl edýär. Magtymguly Pyragy özüniň “San bolsam” atly goşgusynda bularyň arasynda adynyň tutulmagyny kalbynda besläpdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyryň sarpasy has-da belende galdyrylýar. Ony diňe bir öz iliniň “sözlär tiline” öwürmek bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden tanadylýar. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähtden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Magtymguly atamyz bu gün her babatda geňeşçimiz, halypamyz, syrdaşymyz, ”döwürdeşimiz” hökmünde biziň bilen bilelikde ýaşaýar. Beýik akyldarymyzyň döredijiligi uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, onuň pendi-nesihatlary, öwüt-ündewleri ýaşlarymyz üçin ruhubelentligiň hem ynsanperwerligiň gymmatly edep-terbiýe mekdebidir.
Enar SÄDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili mugallymy.
Teswirler