«Arkadag» topary 22 oýundan 66 utuk toplady

«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň klublarynyň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 17-nji tapgyrynyň meýilleşdirilen oýnunda Aşgabadyň «Altyn asyr» toparyny 4:1 hasabynda utdy. Oýun paýtagtyň Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda geçdi.

AFK-2018-iň finalçysyny uly ýeňlişe sezewar etmek bilen, «Arkadag» 22 oýundan 66 utuk toplady, ol çempionatda bir utugynam elden bermedik ýeke-täk topar bolup galdy. Milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýan bu topar ýurduň çempionatynyň ahyryna çenli ýene iki oýun oýnar.

Çempionatymyzy ikinji orunda tamamlan «Altyn Asyr» topary 47 utuk toplamagy başardy. Galan oýunlarda bürünç medallar ugrunda 34 utuk bilen üçünji orunda barýan Balkanabadyň «Nebitçi» topary we 29 utuk bilen bäşinji orunda barýan, ýöne ýene iki oýun oýnamaly «Ahal» bäsleşer. Çempionatyň ahyryna çenli balkanabatly oýunçylar üç, «Ahal» bolsa bäş oýun oýnar. Ýöne 30 utuk bilen dördünji orunda barýan «Aşgabadyň» oýnalmadyk bir oýny galypdyr, şonuň üçinem ol indi çempionatyň bürünç medallary ugrunda bäsleşip bilmez.

Şamuhammet BAÝLYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok