Kibersport boýunça talyplaryň kubogy geçiriler

2024-nji ýylyň ýazynyň başynda Türkmenistanyň Milli elektron sporty federasiýasy ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek kibersport boýunça Talyplaryň kubogyny geçirer. Munuň özi Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň elektron sportunyň giňişligine çykmagynda ajaýyp mümkinçilik bolar. Ýaryş ýurduň sportuň şu görnüşi boýunça talyplar toparynyň döremegine we onuň agzalarynyň talyplaryň arasynda geçirilýän halkara oýunlara gatnaşmagyna täsirini ýetirer.

Talyplaryň kubogyna Türkmenistanyň ýokary, orta hünär bilim edaralarynyň ýaşy 15-den uly bolan talyplary gatnaşyp bilerler. Toparlaryň oýunçylary şol bir uniwersitetiň ýa-da orta hünär okuw mekdebiň talyplary bolmalydyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, talyplaryň kubogy kibersportuň iki görnüşi boýunça ýaryşlary özünde jemlär. Bu ýerde «Dota2» tarapyndan hödürlenen «Multiplayer Online Battle Arena» (MOBA) görnüşi hem-de taktiki oýun bolan «Counter Strike 2» boýunça ýaryşlar geçiriler.

Aýlar AKYNYÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok