Lawr ýapragy

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymysydyr. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy örän uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli ol kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar.

Dermanlyk häsiýetli lawr ýapragy irki döwürlerden bäri halk lukmançylygynda sowuklamanyň dürli görnüşlerinde hem giňden ulanylypdyr. Onuň ýapragynda kesel dörediji mörjewleriň peýda bolmagynyň we ösmeginiň öňüni alýan işjeň maddalar kän. Onuň düzümindäki efir ýagy bolsa deri örtügine düşen ýaralaryň, ýanyklaryň tiz gutulmagyna-da oňyn täsirini ýetirýär.

Täze lawr ýapragy C witamine örän baýdyr, ýagny 100 gramynda 46,5 milligram bolup, bu bolsa gündelik kabul edilýän mukdarynyň 77,5 göterimine deňdir. C witamini bolsa immuniteti güýçlendirýär, wiruslara garşy täsiri bar. Şeýle-de ol DNK-nyň sintezi üçin möhüm bolan foli kislotasyna hem baý bolup, 100 gramynda 180 milligram saklanýar. Lawr ýapragy A witamininiň hem ajaýyp çeşmesidir, 100 gramynda 206 milligramy saklanýar. Hoşboý ysly ýaprak piridoksin, pantoten kislotasy, riboflamin ýaly witaminleriň hem ammarydyr. Bu B witaminler topary bolsa bedende fermentleriň sintezine, nerw ulgamynyň işjeňligine, metabolizmiň kadalaşmagyna goşant goşýar.

Şeýle-de onda mis, kaliý, kalsiý, marganes, demir, selen, sink, magniý ýaly minerallar hem saklanýar. Kaliý beden öýjükleriniň we beden suwuklygynyň düzüm bölegi hökmünde, marganes hem-de mis fermentleriň işjeňliginde, demir gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmeginde esasy faktor bolup çykyş edýär.

Amangül BATYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok