Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy 14-nji dünýä çempionatyndaky ikinji altyn medalyny dänewli tälimçi-türgen Mariýa Lohowa bilen gazandy. Ol 70 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempionatynda hormat münberiniň birinji basgançagyna çykdy.
Finalda eýranly Donýa Agheýi ýeňen Mariýa sport ýolunda ilkinji gezek kuraş boýunça dünýä çempiony bolup gördi.
Dünýä çempionatyna gatnaşan zenanlar ýygyndymyzyň iň tejribeli wekili Mariýa Lohowa geljek ýylda 30 ýaşyny doldurar. Sporty juda söýýän iki perzendiň ejesi 2019-njy ýylda hem dünýä çempionatynda bürünç medal gazanypdy. Şondan soň dört ýyllap iri ýaryşlara gatnaşmadyk Mariýa geçen ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan uçurym boldy.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynda kümüş medal eýelän türgen şondan bir ýyl soň Aziýanyň çempiony bolmagy hem başarypdy. Çagalygyndan Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň tälimçisi Baýram Halyllaýewden tälim alan Mariýa birnäçe ýyldan bäri Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.
Gunça SEÝIDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler