Şu ýylyň 17-26-njy noýabry aralygynda Portugaliýanyň Albufeýra şäherinde kikboks boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp, baýrakly orunlary gazanmagy başardy. Çempionata gatnaşan türgenler dürli agramlarda ýaryşyp, baýrakly orunlar üçin bäsleşdiler. Örän çekeleşikli geçen ýaryşda türkmen kikboksçylar hem üstünlik çykyş edip, medaly orunlary eýelemegiň hötdesinden geldiler.
Dünýäniň dürli ýurtlaryndan iň güýçli kikbokçsylaryň gatnaşan dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplaryndan ybarat bolup, olar 3 bürünç medal gazanmagy başardy.
Ildeşimiz Geldimuhammet Hojalyýew 75 kg agramda çykyş edip, Slowakiýanyň, Täze Zelandiýanyň we Ukrainanyň türgenleri bilen “Lowkick” görnüşi boýunça bäsleşdi. Ol bu ugurda 3-nji orny eýeledi.
Gurbanmuhammet Gurbannazarow bolsa, 75 kg agramda “Fullcontact” ugry boýunça bäsleşip, Portugaliýanyň, Gresiýanyň we Gazagystanyň türgenleri bilen baýrakly orunlar üçin ýaryşdy we hormatly 3-nji orny eýeledi.
Türkmen türgenlerinden Narzulla Bazarow bolsa, “Fullcontact” ugyr boýunça 71 kg agramda çykyş edip, ol hem Kuweýtiň, Özbegistanyň we Gazagystanyň kikboksçylary bilen bäsleşip, hormat münberiniň 3-nji ornuny eýeledi.
Baýrak gowşurylyş dabarasyna Bütindünýä kikboks federasiýasynyň ýolbaşçysy Roý Beýker hem gatnaşdy we bu ýerde türkmen türgenlerine bürünç medallary, şeýle hem kikboks sporty boýunça görkezen üstünlikli çykyşy üçin ýörite şahadatnamalar gowşuryldy.
Goç BEGMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler