Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gollanmasy çykdy!

Paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionaty bilen giňişleýin tanyşmak isleseňiz ajaýyp sport baýramçylygy hakyndaky gyzykly maglumatlary özünde jemleýän gollanmany okamagy maslahat berýäris. Bu gollanma Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet kimiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

«Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň gollanmasy» diýen at bilen hödürlenen kitapçanyň elektron nusgasyny şu salgydan ýükläp alyp bilersiňiz! Ol Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Alymlar geňeşiniň mejlisinde, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Usulyýet kabinetiniň mejlisinde hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň okuw-usuly geňeşiniň «Bedenterbiýe we sport» bölüminiň mejlisinde makullanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, nobatdaky sport baýramçylygynyň meýletinçilerine we oňa gatnaşjaklara niýetlenen kitapça sportuň şu görnüşinden geçirilen dünýä çempionatlarynyň taryhyny, türkmen pälwanlarynyň üstünliklerini, paýtagtymyzda bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň şeýle ýaryşlary geçirmekdäki mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Salyh ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok