СOP-28 maslahatynda Türkmenistanyň metan borçnamasyna goşulmak meselesine üns çekiler

BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) Ählumumy metan borçnamasyna Türkmenistanyň goşulmak meselesine dünýäniň iri döwletleriniň ünsi çekiler.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan СOP-28 maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görülýär. Forumyň barşynda birnäçe resminamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde COP-28 maslahatynda kabul ediljek resminamalar seljerildi we olaryň birnäçesine Türkmenistanyň goşulmagy teklip edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda Global Metan Borçnamasyna (GMP) dünýäniň 150-ä golaý döwleti goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, COP-28 maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Global Metan Borçnamasyna goşulýandygyny yglan etmek teklip edildi. Bu meselä şu ýylyň 23-nji noýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde seredildi. Şeýle-de Global Metan Borçnamasynyň şertlerini milli derejede ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar we hyzmatdaş ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmek teklip edilýär.

Amangözel DURDIMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok