Dünýä çempionaty tele we radio ýaýlymlar arkaly miliardlarça adama ýetiriler!

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda iri sport baýramçylygy bolan Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty badalga aldy. Bu halkara ýaryş türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar. Dünýä metbugatynyň ABU, «Warziş» (Täjigistan), TRT (Türkiýe), MIR24 (Russiýa), AVN, «Euronews», AIPS (Halkara sport metbugaty assosiasiýasy) ýaly wekilleri Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Ýer ýüzüne wagyz etmek boýunça türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk ederler.

Kuraş boýunça Halkara assosiasiýanyň metbugat kätibi Jamşid Namozowyň gürrüň bermegine görä, Ýer ýüzüniň 40 döwletine degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 130-a golaýynda Aşgabatdaky sport baýramçylygy beýan ediler.

Tele we radio ýaýlymlar, Internet saýtlary we gazetler arkaly çempionat baradaky dürli habarlar, wideogörnüşler we beýlekiler Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 1,5 milliardyna ýetiriler.

Ýeri gelende belläp geçsek, dünýä çempionatyny beýan etmek üçin diňe Özbegistanyň özünden «Sport TV» we «Uzbekistan 24» teleýaýlymlary we «Aniq.uz», «Olamsport» ýaly habarlar saýtlary gatnaşýar.

Gunça ÝAZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok