Tebigat — umumy öýümiz

Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Ýazky köpçülikleýin bag ekişlik döwründe oturdylan ýaşajyk nahallaryň 1,5 milliony eýýäm ene topraga kök urup, joşgunly ýaşaýşa goşuldy. Şu gün hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi diňe bir ýaýlalaryň däl, eýsem, tutuş ynsan ömürleriniň gül-pürçüge bürenjekdiginiň nyşanydyr.

Ata-babalarymyz bag ýetişdirmeklige uly ähmiýet berip, bu babatda: «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bagy — bagban, sürini çopan iýer», «Bagym bar — barym bar» ýaly nakyllary hem döredipdirler. Çynar, Serwi, Şemşat ýaly owadan, syratly agaçlaryň atlaryny bolsa gyz çaga dakmak bilen, perzende iň ýagşy arzuw-niýetlerini bagyşlapdyrlar. Olara rowaýatlardan orun beripdirler. Serwi agajy baradaky rowaýatlaryň birinde, ykbal gerdişi bilen gözel gyz agaja öwrülýär. Bu barlykda ýaşamadyk ömri üçinem oňa baky juwanlyk — mydama gök öwsüp oturmak bagyş edilýär. Bu agajyň tämizligi — töweregine mör-möjek golaýlatmaýanlygy barada pikir edeniňde, hakydaňa rowaýatdaky şol gözel gyzy getireniňi duýman galýarsyň. Umuman, agaçlara söýgi halkymyzyň kalbynda hemişe ýaşap gelipdir.

Tebigat — biziň umumy öýümiz. Baglar bolsa şol öýüň — durmuşymyzyň bezegi. Şonuň üçin-de bag ekmegi ýaşaýşymyza gözellik çaýmak bilen deňäp bolar. Hut şonuň üçin-de biz bagtyýar zamanamyzda oba-şäherlerimiziň bagy-bossanlyga öwrülmegine «Gahryman Arkadagymyzyň gözellik döretmek sungaty» diýýäris. Sebäbi gözellik diňe bir biziň gözümiziň görüp duran zatlarynyň owadan bolmagy däl, ol biziň içki dünýämizde hem kemala gelýär. Onuň kemala gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri — saglyk, sagdyn durmuş. Sagdyn durmuş bolsa tebigatyň arassalygy, ekologiýanyň goraglylygy bilen berk baglanyşykly bolýar.

Döwletgeldi BATYROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
ýapon dili hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok