Halk Maslahaty — demokratiýanyň milli nusgasy

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp meseleleri çözmek baradaky asylly däplerine we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Şu ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary bilen bilelikdäki geçirilen maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren pikirleri, maksatlary häzirki zaman demokratik türkmen jemgyýetini kämilleşdirmekde nobatdaky aýgytly ädim boldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edarany bir palatadan ybarat Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek bilen bagly başlangyç esasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary kabul edildi.

Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň hatarynda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde döredilýän ýerli wekilçilikli edaralaryň aýratyn ähmiýeti bardyr. Olaryň agzalary degişli dolandyryş-çäk birliklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan saýlanýarlar hem-de degişli çäkde ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramaga gatnaşyp, kanunylygyň berjaý edilmegine, jemgyýetçilik tertibiniň goralyp saklanylmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna ýardam edýär.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynda kesgitlenen ygtyýarlyklara laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere, döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garaýar we makullaýar, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar we kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlis görnüşinde amala aşyrylyp, ondaky orta atylan meseleler boýunça çözgütleri karar görnüşinde mejlise gatnaşýan agzalaryň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi bilen kabul edilýär. Maslahatyň bu kararlary diňe onuň özi tarapyndan üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilinýär. Munuň döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlarynda oňaýly özgertmeleri amala aşyrmakda aýratyn ähmiýeti bardyr.

Jennet GARATAÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok