Kofe hakynda

Kofe iň meşhur içgi bolup, ol dünýäde sarp edilýän içgileriň arasynda birinji orny eýeleýär. Toý-baýramlarda, adaty günde, işewürlik ýa-da dost-ýar bilen özara duşuşyklarda, umuman, durmuşymyzyň islendik mahalynda içilýän esasy içgi kofedir.

Rowaýata görä, kofäni ilki bolup açyş eden geçiler diýlip hasaplanylýar. IX asyrda ýaşap geçen efiopiýaly bir çopan bakyp ýören geçileriniň goýy gyzyl reňkdäki dänejikleri iýip, çakdanaşa gujurly hem-de oýunçy bolýandyklaryna üns beripdir. Bu ýagdaýa haýran galan çopan däneleri çöpläp, ýerli ruhanylara eltip beripdir. Ruhanylar ondan şähdiňi açýan, gujur berýän täsin içgini taýýarlanmyşlar.

Häzirki wagtda iň köp kofe öndürýän ýurt Braziliýadyr. Olar her ýyl 2,2 million tonnadan gowrak kofe öndürýärler. Wýetnam we Kolumbiýa kofe öndürmekde ilkinji üçlükde durýarlar.

Emeli kofeni tejribe ýoly bilen öndürmek köp sanly kofe agaçlarynyň ýok edilmeginiň öňüni alar. Şeýle hem ol suw, ulag ýaly çykdajylary hem aradan aýrar. Munuň üçin biraz garaşmaly bolar. Çünki topar taslamany doly tamamlamak we degişli ygtyýarnamalary almak üçin dört ýyl çemesi wagtyň gerek boljakdygyny aýdýar.

Kofe diňe içgi hökmünde däl, eýsem, iýmit hökmünde hem gymmatly önümdir. Onuň dänelerini üwäp, çörek we köke önümlerini, şokolad hem taýýarlaýarlar.

Güljemile ÖWEZLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok