Iň ajy buç – karolin riperi

Tutuş ýer ýüzi boýunça alanymyzda Kapsikum urugyna degişli bolan “Karolin riperi” (iňlisçe, Carolina Reaper) burçy iň ýiti we ajy burç hökmünde 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Burçuň bu görnüşi beýleki käbir ylmy edebiýatlarda “Karolin orakçy” ýa-da “Aždarhanyň demi” atlary bilen hem bellidir.

Burçuň bu ýiti sorty ilkinji gezek Ed Karri tarapyndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hasaba alynýar. Burçuň ýitiligi, ýagny ajylygy Skowill şkalasynda 1.15 million we 2.2 million birlik aralygynda üýtgeýär. Bu burçdan tagam taýýarlananda gaty seresaply bolmak gerek. Sebäbi ol ýakyjy häsiýete eýedir. Burçy tagam hökmünde kabul edilen mahaly agyzda birbada süýjümtik miwe tagamyny berýär, öte ajylyk şondan soň peýda bolup ugraýar.

“Karolin riperi” burçunyň miweleri kiçijik, ýöne ýogyn, üsti tekiz ýylmanak ýa-da büdür-südürlidir. Miweleriniň reňki sary, gyzyl, şetdaly we şokolad reňklerde bolup bilýär.
Bu ýiti burç medisinada derman taýýarlamakda hem-de aşhana tagamlaryny taýýarlamakda giňden peýdalanylýar.

Aýnur ÝAGMYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok