Türkmen ýaşlary dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar

Türkmenistan ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan asylly başlangyçlarynyň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy barha ösýär, belent sepgitleri nazarlaýar. Milli bilim ulgamy jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly hem-de özgerdiji güýjidir. Bu ugry mundan beýläk-de ösdürmäge, ýaşlar syýasatyny amala aşyrmaga uly üns gönükdirilýär. Ençeme bilim maksatnamalarydyr meýilnamalary kabul edilýär we kämilleşdirilýär. Diýarymyzyň dürli künjeginde döwrebap mekdepler, çagalar baglary gurulýar, bina edilýän bilim edaralary, kitaphanalar zerur bolan okuw kitaplary, gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün edilýär. 

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň we amala aşyrylýan taslamalaryň wajyplygyna üns çekilýär, ýaşlar syýasatyny kämilleşdirmek bilen bagly işleri netijeli ýagdaýda alyp barmaklyk möhüm bolup durýar. Bilim edaralyna döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen baglanyşykly derwaýys çäreler ýola goýulýan işleriň esasyny düzýär. Bagtyýar ýaşlaryň döwrebap bilim almaklaryna, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly bolmagyna, döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy ylmy-barlag işleriniň netijelerini hem-de tehnologik tilsimleri özleşdirmegine möhüm üns berilýär.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatda ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin hem ähli mümkinçilikler döredilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda dünýäniň abraýly bilim ojaklaryna okuwa iberilýän talyplaryň sany yzygider artýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň kämil derejede bilim almaklary üçin zerur şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Gujurly, yhlasly, ruhubelent, zehinli ýaşlar sanly ulgamy ösdürmek babatda hem işläp taýýarlamalaryň ençemesini alyp barmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyna saldamly goşant goşýarlar. 

Ýaşlaryň zehinini, ukyp-başarnygyny we bilime höwesini ösdürmek, täze hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, degişli ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler amal edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary üçin zerur şertleri döredilmegi üçin ähli şertleri döredilýär.

Muhammetaly NURULLAÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika
institutynyň maglumat howpsuzlygy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok