Ýurdumyzda ýapon dili ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 7-sinde, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12-sinde ýapon dili öwredilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2007-nji ýyldan bäri ýapon dili boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Häzirki wagtda bu hünär boýunça 220 talyp okap, olara 11 sany ýapon dili mugallymlary bilim berýär.

2020-nji ýylyň aprel aýynda institut Ýaponiýanyň ýapon dilini öwrenýän talyplaryň okuw şertlerini gowulandyrmak, döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün etmek boýunça maksatnamasyna dalaşgärlik edip, granta eýe boldy.

Ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilişi yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugurda zähmet çekýän mugallymlaryň okuw-usuly maslahatlary geçirilýär. Şeýle-de orta mekdepleri üçin ýapon dili boýunça okuw kitaplarydyr sözlükler taýýarlanylýar. Häzirki wagtda Ýapon gaznasynyň baş hünärmeni Ito Hiroşini, ýapon dili mugallymy Kasu Naruhito ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmegine uly goşant goşýarlar.

«Daşary ýurtly ýapon dili mugallymlaryny taýýarlaýyş maksatnamasynyň» çäklerinde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary uzak möhletleýin kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşýarlar. Bu maksatnama Ýapon gaznasynyň guramagynda geçirilýär. «Ýapon dili we medeniýeti» atly maksatnamasynyň çäginde Ýaponiýanyň Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnika ministrliginiň ýapon dili boýunça bilim alýan talyplar Ýaponiýanyň uniwersitetlerine okuw saparlaryna ugradylýar.

Iki ýurduň arasyndaky halkara Şertnama laýyklykda, onlaýn görnüşde okuw-usuly maslahatlar, umumy okuw sapaklary, tejribe alyşmak boýunça duşuşyklar Sukuba uniwersitetiniň professor-mugallymlary bilen geçirilýär. Ýaponiýanyň uniwersitetinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlry we talyplary bilimlerini kämilleşdirýärler.

Altyn SAKALOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň Ýewropa fakultetiniň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok