Gyzyl tokaý barada…

Gyzyl tokaý- tebigy goraghana hökmünde Kubanyň sag kenarynda, Krasnodardan 56 km günbatarda ýerleşýän çemenli tokaýlykdyr. Onuň meýdany 4750 gektara barabardyr.

Gadymy döwürlerde gyzyl tokaý taryhy döwürde Kuban jülgesiniň boýunda dörän Kawkazyň dag tokaýlary bilen baglanyşykly bolupdyr. Geçmişde pes tokaýlyklar derýanyň boýunda giň zolakda uzalyp gidýärdi. Gyzyl tokaý birnäçe gyrymsy we ýarym gyrymasy agaçlaryň toparyndan düzülen bolup, olaryň esasy görnüşleri dub, kül, akja, şah şüweleňi, armyt, alma, it agajy, itburun we ş.m görnüşler degişli edilýär.

Goraghananyň meýdançasy Marianskaýa obasy bilen Razderskiniň çatrygynda ýerleşýär. Meýdanda ösümlikleriň sähralarda, çemenliklerde we tokaýlarda ösýän görnüşleri bar.

Tokaýda Ýewropanyň gyzyl suguny, Sibir keýikleri, ýabany doňuz, tilkiler, garynjalar, towşanlar ýaşaýar. Mundan başgada köpsanly guşlaryň görnüşleri duş gelýär. Ol ýerde aw söwdasy ýokdyr, diňe populýasiýanyň sanyny bolmaly derejesinde saklamak üçin kesel we garry haýwanlary çetleşdirýärler. Gyzyl tokaýda mal bakmak, dürli ykdysady işler, kömelek we miweleri toplamak, odun ýygmak gadagandyr.

Abbas ADAMBAÝEW,
Türkmen oba hojalyk

institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok