Sporty söýen göwünler bagtyýar!

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyzyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmäge, saglygyny goramaga, ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden ornaşdyrmaga, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen uly tagallalar, oňyn başlangyçlar peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bu günki gün barha rowaçlanýar.

Ýurdumyzda mähriban raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, halal zähmet çekmekleri, medeniýetli dynç almaklary, saglygyny berkitmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi bagtyýarlykdan hem döwletlilikden nyşandyr.

Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň ajaýyp netijeleri türkmen sportunyň günsaýyn ösýändiginden habar berýär, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende göterýär. Eziz Diýarymyzda bu babatdaky ýola goýulýan möhüm wezipeleriň esasy maksady jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhubelent nesilleri kemala getirmekden, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekden, sporty barha rowaçlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmekde, sport bilen meşgullanmakda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz nusgalyk mekdep bolup durýar. Türkmenistan ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň çäklerinde giň gerimli işler amal edilýär, meýilnamalaýyn bedenterbiýe-sport, wagyz-ündew çäreleri yzygiderli guralýar we onuň çäklerinde milli sport oýunlary hem guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde ýokary derejede halkara ülňülerine laýyk gelýän sport maksatly desgalar, stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary gurulýar, türkmen ýaşlary halkara derejesinde geçirilýän iri sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýar we ata Watanymyzyň sport abraýyny arşa galdyryp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar.

Ussat türgenlerimiziň gazanýan ajaýyp ýeňişleri nusgalyk göreldä öwrülip, ösüp gelýän ýaş nesillerde sporta bolan höwesi has hem artdyrýar. Häzirki wagtda sporty özüne hemra edinen, ony söýýän ýaşlaryň sanynyň artmagy, alnyp barylýan sport türgenleşikleriniň hiliniň kämilleşdirilmegi, sport desgalarynyň maddy-üpjünçilik binýadynyň düýpli gowulandyrylmagy türkmen sportunyň gazanýan oňyn netijelerini, ýeňişli menzillerini alamatlandyrýar.

Şeýle uly ýeňişleriň özeninde bolsa Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk göreldesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuşy giňden ornaşdyrmak barada alyp barýan beýik işleri durýar.

Azizbek SABIROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
IV ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok