Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş ulgamyna degişli desgalar bilen birlikde, döwrebap bilim edaralary hem gurulýar.
Ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalar öz miwesini berýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň sany artýar. Ýurdumyzda ýaşlara bilim çygrynda döwlet tarapyndan ýakyndan goldaw berilýär. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary goldamak we höweslendirmek, ýaşlarda raýatlyk, watançylyk, ruhy-ahlak duýgularyny terbiýelemek we hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar.
Bilim ulgamynda dünýä standartlaryny yzygiderli ornaşdyrýan Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.
Milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, okuw maksatnamalarynyň, kitaplaryň hem-de gollanmalaryň mazmuny we ylmy-usulyýet ugurlary kämilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň okuw mekdepleri kompýuter tehnologiýalary, barlaghana enjamlary, multimediýa we lingafon gurnamalary bilen üpjün edilen hem-de Internet ulgamyna birikdirilen. Bu bolsa ýurdumyzda bilime uly üns berilýändiginden aýdyň nyşandyr.
Rahymgeldi RAHMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler