Türkmenistan «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisine gatnaşdy

Şu ýylyň 6-8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisi geçirildi. Bu halkara medeni sergä Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň on sany muzeý hünärmenlerinden ybarat wekiliýet hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň bu möhüm halkara çäresine hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy awgust aýynyň başynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň hemişelik agzasy, Gansu welaýat komitetiniň wagyz ediş bölüminiň müdiri Çžan Ýunsýa bilen geçirilen duşuşygynda yglan edildi.

«Ýüpek ýoly» ekspozisiýasynda iki muzeýiň – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň we Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklary görkezildi. Bular milli medeni gymmatlyklaryň iň uly ammarlary bolup, olaryň köpüsi bütin dünýäde meşhurdyr. Hususan-da, Döwlet muzeýiň gaznalarynda saklanýan raritetleriň sergisi Nýu-Ýork Metropoliten muzeýinde we Germaniýanyň şäherlerinde guraldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Ýüpek ýoly» altynjy halkara medeni sergisiniň açylyş dabarasyna 1200-den gowrak hytaýly we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdy.

Humaý DURDYÝEWA,

Döwletmämmet azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok