Aşgabatda ýaşlar üçin işewürlik seminarlary geçirilýär

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde 2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda işewürlik seminarlary geçirilýär.

Nobatdaky seminarlarda tmcars.info onlaýn portalynyň habarlar bölüminiň redaktory Maksat Geldiýew “Mediýa we işewürlik”, “Ýedidogan” haryt nyşanynyň esaslandyryjysy telekeçi Döwran Abdyrasulow bolsa “Biznesde tutanýerlilik” temasynda çykyş ederler.

Seminarlara gatnaşmaga isleg bildirýänler onlaýn hasaba alynýar:
(Seminara ýazylmak üçin)

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Maglumat beriş bölümi ýaşlara psihologiýa, hukuk, hünar sowatlylygy ýaly ugurlar boýunça maslahat işlerini, çäreler toplumyny geçirýär. Bölümiň işewürlik meýilnamasyny telekeçi maslahatçy Rahymberdi Kerimow ýolbaşçylyk edýär.

Bölüminiň Işewürlik meýilnamasy bilen habarlaşmak üçin:
+9936488-00-81
Email: bizyashtm@gmail.com
Imo ID: Biz_yash_TM
Instagram: bizyash2023

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok