Reýhan ýakymly tagamy we hoşboý ysy bilen tapawutlanýar. Reýhanyň ençeme görnüşi bar. Olar bir-biri bilen tagamy, reňki, ysy, ýetişdiriliş usuly taýdan aýrybaşgadyr. Ýöne bularyň arasyndaky esasy aýratynlyk ýaşyl hem-de benewşe reýhanyň arasynda tapawutlandyrylýar. Reýhany köp ýurtlarda köplenç tagamlara ýakymly ys berýändigi üçin ulanýarlar. Reýhan köpçülikleýin ulanylyş taýdan şibitdir arpabadyýandan soň, üçünji ýerde durýar.
Gyzgynlyk sebäpli döreýän kellagyryny bejermek üçin reýhan gülüni ysgamaly. Owradylan ýapragyny ýaralara we düwürtiklere ýapsaň, tiz peýda berýär. Reýhandan (Nazbaýgül) alynýan ýag saçyňy gara boýamakda giňden ulanylýar.
Pygamberimiz: «Reýhan sowgat berlen adam ony yzyna gaýtarmasyn. Çünki ol behişt ösümligidir» diýipdir. Ýanygy bejermek üçin peýdaly serişdeleriň biri reýhan suwudyr. Reýhan we behi içgisinde üsgülewügi we içgeçmäni saklaýan dermanlyk täsir bolup, şeýle güýç beýleki miwe içgilerinde ýokdur.
Ibn Apbasyň aýtmagyna görä, «Nuh pygamberimiziň gämiden düşüp, ilkinji oturdan agajy reýhandyr», «Adam ata jennetden Ýere düşende, onuň ýanynda üç zat bar eken. Olar reýhanlaryň serweri — nazbaýgül, tagamlaryň serweri — bugdaý, miweleriň serweri — hurma».
Reýhan rutin, karotin, B2, РР, С ýaly witaminlere hem baýdyr. Witaminlere hem-de minerallara baý bolan reýhan bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar. Ol bedeni günüň dowamynda gerek bolan K witamini bilen üpjün edýär. 100 gram ösümlikde bedene zerur bolan demir bolup, ol ganyň düzümindäki gemoglobiniň artmagyna ýardam berýär. Reýhan ter görnüşinde iýlende, agyz boşlugyndaky bakteriýalaryň 90 göterimine golaýyny aýyrýar. Ol dişiň syrçasyny berkidýär, dişiň çüýremeginiň öňüni alýar. Agyz boşlugyndaky ýaramaz ysy aýyrýar. A witamini bolsa gözüň görşüni ýiteldýär. Şeýle-de reýhany kosmetiki serişdeleri taýýarlamakda giňden ulanýarlar.
Didar HALMÄMMEDOW,
Aşgabat şäherindäki
Agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler