Däbe öwrülen hepdelik

“Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň meýilnamasyna ser salsak, dürli mazmunly çärelere gözüň düşýär. Aýratyn hem “Türkmen sazşynaslygynyň derwaýys meseleleri” we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde” atly ylmy-amaly maslahatlar ünsüňi çekýär.

“Türkmen sazşynaslygynyň derwaýys meseleleri” atly ylmy-amaly maslahatda konserwatoriýanyň halypa we ýaş mugallymlary şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň ýaş mugallymlary türkmen nusgawy kompozitorlarynyň ýubileýleri mynasybetli ylmy çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Ýubileý ýaşlary dolan kompozitorlaryň, ýagny A.Kulyýewiň, D.Nuryýewiň, N.Halmämmedowyň, D.Hydyrowyň döreden meşhur eserleriniň ýaňlanmagy, maslahata gatnaşyjylarda buýsanç duýgularyny oýardy.     

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Dünýä saz folklory ýaşlaryň ylmy gözleglerinde” atly ylmy-amaly maslahatda bolsa Sazşynaslyk hünärinde bilim alýan talyplar çykyş etdiler. Olaryň ylmy çykyşlary dünýä saz folklory dogrusynda boldy. Talyplaryň çykyşlary türkmen ýaşlarynyň dünýä halklarynyň sungaty bilen içgin gyzyklanýandygyny subutlandyrýar, bu bolsa örän guwandyryjydyr.

Geçirilen ylmy-amaly maslahatlar saz ylmynda alnyp barylýan ylmy gözlegleriň giňdigini açyp görkezýär şeýle-de halypa mugallymlar bilen bir hatarda ýaşlaryň hem çetde durmaýandygyny delillendirýär.

Gülnabat ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok