«Sagdyn durmuş ýörelgesi — bagtly geljegiň binýady» atly sport hepdeligi geçirildi

2023-nji ýylyň 8-13-nji maý aralygynda Halkara gatnaşyklary institutynda «Sagdyn durmuş ýörelgesi — bagtly geljegiň binýady» atly sport hepdeligi geçirildi.

Hepdeligiň çäginde sportuň tanap çekmek, stol tennis, gandbol ýaly görnüşleri boýunça fakultetleriň oglanlarynyň we gyzlarynyň arasynda ýaryşlar geçirildi. Olara talyp ýaşlar uly höwes bilen gatnaşdylar. Sportuň tanap çekmek görnüşi boýunça fakultetleriň arasynda guralan oýnuň dowamynda türgenler çalasyn we ynamly hereketleri bilen sport ussatlyklaryny görkezdiler.

Sport hepdeliginiň dowamynda geçirilýän ýaryşlarda sport bilen çynlakaý meşgullanýan ýaşlaryň az däldigini bilmek bolýar. Olar bedenterbiýäni we sporty öz endiklerine öwürýärler. Munuň özi talyp ýaşlaryň diňe bir beden taýdan berkemegine däl-de, eýsem, öz erk-isleglerini pugtalandyrmaga, islendik çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge, erjel we tutanýerli bolmaga, ylym-bilimini has-da kämilleşdirmegine ýardam berýär.

Ýaryşda ýeňiş gazanan talyplara hormat hatlar we baýraklar gowşuryldy.

Ogulmaral ÝALKAPBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok