Kämil ylym — köpugurly ösüşlere şamçyrag

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy hem-de ýakyn ýardamy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Ylym almak — iňňe bilen guýy gazmak», «Ylym — yhlas» diýen ýaly çuň manyly jümleler getirilýär. Bu paýhasly sözler ylmyň jemgyýetdäki möhüm ornundan habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ilki bilen ylym-bilimiň ileri tutulýan ýörelgeleri kesgitlendi. Bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek.

Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähim häzirki döwrümizde has-da uly ähmiýete eýedir. Pederlerimiziň paýhas eleginden geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten bu parasatly aýtgy Ýer ýüzünde tutuş adamzat tarapyndan ykrar edilendir.

Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Goý, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny pugtalandyrmaga, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ony hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän alym Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt we dünýä ähmiýetli tutumlary elmydama rowaç bolsun!

Güljan MÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok