Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň fakultetleriniň we kafedralarynyň arasynda dürli dersler boýunça bäsleşikler, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 2019-njy ýylyň 16-21-nji dekabr aralygynda uniwersitetiň Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň guramagynda “Himiýa hepdeligi” geçirildi.
Hepdeligiň ilkinji gününde ir bilen fakultetiň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň we beýleki myhmanlaryň gatnaşmagynda çäräniň açylyş dabarasy boldy. Ilki bilen fakultetiň dekany K.Ryzaýew söz sözläp, “Himiýa hepdeligiň” açylyş dabarasy bilen gutlady. Dabaranyň dowamynda fakultetiň talyplarynyň öz döredijilik çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabara tamamlanandan soňra, fakultetiň professor-mugallymlary we myhmanlar hepdeligiň ilkinji bäsleşigi bolan “Gapylary bezemek” boýunça edilen işlerine syn etdiler. Günüň ikinji ýarymynda Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň talyplarynyň arasynda “Element ýazmak” atly bäsleşik geçirildi.
Hepdeligiň ikinji güni fakultetiň talyplarynyň arasynda himiýa dersi bilen baglanyşykly we talyp durmuşy bilen baglanyşykly geçirilen degişme sahnalarynyň bäsleşigi hepdeligiň iň gyzykly pursatlarynynyň biri boldy. Şeýle-de bu gün hepdeligiň “Himiýanyň syrly soraglary” atly bäsleşiginde fakultetimiziň nanomateriallar taýýarlygynyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Aşyrdurdyýewa Gülnar ýokary netije gazandy.
Hepdeligiň üçünji güni Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň talyplary “Zehin bäsleşiginde” özara bäsleşdiler. Bu bäsleşik has çekeleşikli bolmak bilen, talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini we olaryň çalasynlygyny talap edýärdi. Bu bäsleşikde fakultetiň 3-nji ýyl talyplary ýokary netije gazandylar.
Hepdeligiň dördünji güni Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň öňündäki meýdança has köp adamly boldy. Bu gün talyp ýaşlaryň himiki reaksiýalar boýunça görkezme çykyşlary talyplaryň nazary bilimlerini tejribeleriň üsti bilen doly we dogry özleşdirmäge mümkinçilik döredildi.
Hepdeligiň bäşinji güni “Meýdan täsinligi” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde talyp ýaşlar öz okaýan dersleri boýunça soraglary we dürli zehin soraglaryny çözmek bilen özara bäsleşdiler.
Hepdeligiň soňky gününde uniwersitetiň mejlisler zalynda “Himiýa hepdeliginiň” ýapylyş dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda Himiýa we nanotehnologiýa fakultetiniň döredijilik topary birnäçe aýdymlary, sazlary, tanslary we degişme sahnalary ýerine ýetirdiler. Bu çärede hepdäniň dowamynda geçirilen ähli bäsleşikler boýunça tapawutlanan toparlara ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Galyberse-de bu bilim ojagynyň çäginde hereket edýän “Oguz han” innowasion toplumynda “Ýaşyl himiýa”, “Gözellik biotehnologiýa”, “Bionika” we başga-da birnäçe gurnaklar hereket edýär. Bu gurnaklarda talyp ýaşlar okuwlaryndan daşary birnäçe barlaglary, täze maddalaryň sintezini we dürli görnüşli önümleriň önümçiligini öwrenýärler. Şeýlede Oguz han adyndaky inžener tehnologiýalary uniwersitetiniň talyplary döwlet derejesindäki, halkara derejesindäki dürli görnüşli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolsalar, “Oguzlar” döredijilik topary uniwersitetiň we döwlet derejesinde geçirilýän çärelerde ezberligi bilen tapawutlanýarlar.
Atamyrat Altyýew
himiýa kafedrasynyň mugallymy
Teswirler