Ekologik medeniýeti ýokarlandyrmak-döwrüň möhüm meselesi

Tebigata söýgi çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillere tebigaty goramak, aýawly saklamak şol sanda ekologik medeniýetiniň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan esasy ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleriň biri bolan ekologiýany çuňňur öwrenmek we bu babatdaky maglumatlary ýakynda bilmek, ekologik nukdaýnazaryndan çemeleşmek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Diýarymyzyň tebigatyny goramak, baýlyklaryny aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak barada kanunçylygy berkitmek boýunça möhüm işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, “Tebigaty goramak hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suw biologik serişdelerini goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň, Tokaý kodeksiniň ähmiýeti juda uludyr.  Ýaşlara berilýän ekologik bilimleriň hatarynda kanunçylyk we medeniýet düşünjeleriniň baglanyşygyny döretmek bu ugurdaky bilimleriň artmagyna has-da itergi berýär.

BMG-niň  tebigaty goramak baradaky resminamalaryň- biologik köpdürlilik baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagy bilen bagly meseleler, suw akymlaryny goramak we olary rejeli peýdalanmak ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar,  BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy , Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy tebigaty aýawly saklamak işleriniň umumy dünýä jemgyýetçiliginde ähmiýetli işdigini ýene bir gezek teswirleýär.

Mekan ANNAGYLYJOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok