Aý teleskopy

Alymlar Aýda suwuk aýna teleskop gurmak pikirine täzeden girişdiler. Takmynan 10 ýyl ozal «NASA» tarapyndan teklip edilen, bu teleskop ideýasynyň maksady, älemiň ilkinji ýyldyzlaryny synlamakdyr.

NASA-nyň uzak wagtlap gijikdiren «Jeýms Webb» kosmos teleskopy, älemdäki ilkinji galaktikalaryň emele gelendigi baradaky maglumaty almaga şeýle-de astronomlara geçmişe çuňňur göz aýlamaga mümkinçilik berer. Elbetde, älemiň taryhy barada köp bilesigelijilik ýüze çykanda, ilkinji galaktikalaryň emele gelşine seretmek alymlary kanagatlandyrýan esasy pikirleriň biri bolup durýar.

Käbir astronomlar ilkinji galaktikalardan ýüz öwrüp, ilkinji ýyldyzlary öwrenmek isleýärler. Bu düşünjede göz öňünde tutulýan «Aý teleskopy» ynamdar maglumat çeşmesi bolup biljekdigi tassyklanylýar. Häzirki wagtda, bu Aý teleskop ideýasynyň üstünde işleýän birnäçe alymlar bar.

Suwuk aýna teleskopy, şöhlelendiriji suwuklyklardan ýasalan aýnalar bilen gurşalan teleskopdyr. Simap bu ýerde iň köp ulanylýan suwuklyk bolsa-da, başga-da birnäçe suwuklyklar hem ulanylýar. Tehas uniwersitetiniň astronomlary takmynan 10 ýyl ozal NASA tarapyndan teklip edilen Aýdaky suwuk aýna teleskop ideýasyna täzeden girişdiler. Alymlar hem bu ugurda gözleg geçirmäge taýýarlanýar. Ýakyn wagtda bu taslamany durmuşa geçirmek üçin birnäçe işler alnyp barylýar.

Jennet NAZAROWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok