Türkmenistandaky jana şypaly gowaklar

Biziň ýurdumyzda karst gowaklarynyň iki görnüşi: Köýtendagyň gowaklary we Köpetdagyň etegindäki «Köwata» ýerasty köli bardyr. Lebap welaýatynda ýerleşen Köýtendagyň gowaklary dünýäde «Garlyk gowaklary» diýen umumy at bilen bellidir. Köýtendagyň dag gerişleriniň eňňitlerinde gowaklaryň 60-a golaýy bolup, olaryň iň meşhurlary (30-a golaý) garlyk karst gowaklarydyr.

Duzly karst gowaklarynyň özboluşly mikroklimatynyň bejeriş maksady bilen ulanylmagy «speleoterapiýa» diýlip atlandyrylýar. Ol howa bilen bejermegiň (klimatoterapiýa) bir görnüşidir. Gowaklaryň duz känleriniň mikroklimatynyň adam bedenine oňyn täsir edýän aýratynlyklary bardyr.

Duzly karst gowaklarynyň bejeriji häsiýeti bu usuly immuniteti pugtalandyrmak, nähilidir bir kesel ýa-da operasiýa geçirilenden soň saglygyňy dikeltmek, şeýle hem, käbir keselleri bejermek maksady bilen ulanmaga mümkinçilik berýär.

Olara şu näsazlyklar degişlidir:

— ýokary dem alyş ýollarynyň keselleri: faringit, rinit, traheit, laringit, sinusit, tonzillit, adenoidit;

— öýken keselleri: pnewmoniýa, bronhit, bronhial astma, bronhospazm sindromy;

— allergiki täsirler: pollinoz, derman we iýmit allergiýasy, bedeniň himiki serişdelere, tozana, mallaryň ýüňüne ýokary duýgurlygy;

— deri keselleri: psoriaz, neýrodermit, atopiki dermatit, ekzema, düwürtikler, deriniň iriňli zeperlenmeleri;

— käbir ýürek-damar keselleri: 1-nji we 2-nji derejeli gipertoniýa, wegeto-damar distoniýasy;

— nerw bozulmalary: newroz, dowamly nerw dartgynlylygy, stresler, dowamly ýadawlyk sindromy, ukusyzlyk, kellagyry, başaýlanma.

Orazgeldi BAÝIÝEW,

Türkmenistanyň inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok