Türkmen tebigatynyň ýaraşygy we baharyň buşlukçysy

Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün nuruna eýlenen täsin tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Meýdanlarda, sährada, gumluk ýerlerde bahar paslynyň gelenini buşlaýan kömelek bary hem güberip çykýar. Ýaz nygmaty bolan kömelegiň üýtgeşik tagamynyň bolşy ýaly, onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan beloklar, mineral duzlar, fosfor turşusy, A,В,С, РР witaminleri bardyr. Şeýle-de kömelegiň düzüminde adam bedeninde siňmesi kyn bolan beloklar bolup, şol sebäpli hem haýal özleşýär.

Kömelekleriň ýer ýüzünde birnäçe görnüşleri bardyr. Kömelekler iýilýän, şertli iýilýän we iýilmeýän hem-de zäherli görnüşlere bölünýärler. Iýilýän kömelekleriň arasynda esasy ulanylýany ak kömelekdir. Kömelegiň düzüminde adam bedeninde bolup geçýän ähli madda çalşygynda zerur bolan beloklar, uglewodlar, ýaglar, mikroelementler we aminokislotalar saklanýar. Kömelekde 18 sany bitewi aminoturşusy, leýsin, glýutamin, arginin we beýleki peýdaly aminoturşular saklanýar. Kömelek örän tagamly bolup, ol peýdaly maddalara, ylaýta-da, B witaminler toplumyna, D witamine, şeýle-de demir, sink, kükürt, fosfor, kaliý, kalsiý mikroelementlerine baýdyr. Bularyň ählisi saglygy berkidýär we myşsalary belok bilen baýlaşdyrýar, beýnide dürli näsazlyklaryň, ganazlygyň öňüni alýar. Şunda esasy zat, ony saýlamakda ýalňyşmazlyk.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, kömelegiň düzümindäki beloklar, B topar witaminler, kalsiý, kaliý, demir, fosfor, foliý turşusy bedende ýürek-damar, nerw ulgamynyň işlemegine, süňk dokumasynyň berkemegine, gemopoeziň (gan öýjükleriň) döremegine gatnaşýar. Kömelegiň ýürek-damar kesellerinde we ganazlygyň öňüni almakda uly peýdasy bardyr. Olaryň arasynda esasy ak kömelegi ulanmaly. Miokardyň diwarlaryny berkitmek üçin diýetologlar ter ak kömelekden taýýarlanan çorbany iýmegi maslahat berýärler.

Döwletmyrat ATAÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok