Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nurly şuglasy döwrümizi bedew bady bilen öňe alyp barýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň çygrynda özara medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem aýratyn orny eýeleýär. Merdana pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň we milli medeniýetimiziň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Barha rowaçlanýan medeni diplomatiýa Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu oňyn medeni diplomatiýa türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda milli mirasymyzy, milli däplerimizi, amaly-haşam sungatymyzy halkara derejesinde ösdürmäge döwlet tarapyndan uly üns berilýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, medeni we ylmy ähmiýeti bolan Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý galalary hem-de ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şöhratly taryhy bilen äleme ýaň salan gadymy türkmen topragymyz deňi-taýy bolmadyk taryhy galalaryň, nepisligi dünýä meşhur halylaryň, milli şaý-sepleriň, aýdym-saz sungatynyň, ýelden ýyndam ahalteke bedewleriň hem-de wepadar türkmen alabaýlarynyň mekanydyr. Geljekde bu görnükli sanawa ýene-de birnäçe medeni gymmatlyklarymyzy goşmak, ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, orta mekdepleriniň birnäçesini ÝUNESKO-nyň mekdepler bileleşiginiň düzümine girizmek ýaly möhüm wezipeler Türkmenistan döwletimizde medeni diplomatiýamyzyň halkara derejesinde rowaçlanýandygynyň, milli mirasymyzy gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda uly işleriň alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki paýhasly ata-babalarymyzdan bize miras galan milli mirasymyzyň we medeniýet-sungatymyzyň ajaýyp, görnükli nusgalary dünýä gymmatlyklarynyň genji-hazynasynyň mynasyp bölegi bolmak bilen, biziň buýsanjymyz hem-de bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynamyzdyr.
Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler