Medeni gymmatlyklar – halkymyzyň ebedi baýlygy

Bagtyýarlyga, ruhy galkynyşa beslenen Türkmenistan döwletimiziň milli medeniýeti ösüşlere beslenip, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy aýawly saklamak we kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Medeniýet milli ruhuň bize miras galan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr. Türkmenistan döwletimiz özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny alyp barýar hem-de medeni ugurda halkara gatnaşyklaryny barha berkidýär. Ýurdumyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklary medeni gatnaşyklaryň ösüşine oňyn täsir edip, olaryň berkemegine hem-de baýlaşmagyna ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, taryhy ýadygärliklerimiziň, medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Çünki milletimiziň aňynda ebedi orun alan millilik halkymyzyň irginsiz zähmeti, döredijilikli zehini bilen döredilen gymmatly sungatdyr. Owadanlygy hem ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýan, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz, özüniň nepisligi, gözüňi gamaşdyrýan gözelligi we milli aýratynlygy bilen ajaýyp sungat eserine deňelýän halylarymyz şöhratly geçmişimiziň we nurana geljegimiziň beýanydyr. Millilige ýugrulan gymmatlyklaryň mekany bolan ata Watanymyzda halkymyzyň ruhy hazynasy nesil terbiýesinde hem möhüm orny eýeleýär. Wepadarlygyň nusgasy bolan türkmen alabaýy batyrlygy, gaýduwsyzlygy  bilen tanalyp, mähirli sypatlary bilen ynsanyň ýakyn dostudyr. Özboluşlylygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan milli şaý-seplerimiz, milli nagyşlarymyz, keşdeçilik sungatymyz paýhasly ata-babalarymyzdan, nusgalyk ene-mamalarymyzdan galan müdimi gymmatlykdyr. Baý amaly-haşam sungatyny, gözellikden gözbaş alan milli lybaslaryny döredip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk keşdelenen milli lybaslarymyz, nakgaşçylyk, aýdym-saz sungatymyz, taryhy ýädygärliklerimiz halkymyzyň medeni mirasydyr. Gaýtalanmajak gymmatlygymyz bolan küştdepdi sungaty türkmeniň iň gadymy halkdygyny subut edýän aýdym hem tans hereketleriniň utgaşmasydyr. Milli gymmatlyklarymyzyň özeninde watançylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, ýaşlaryň bagtly geljegi, bagtyýar döwrümiziň belent waspy ýatandyr. Medeni mirasymyzyň gülläp ösdürilmegi, milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy we dünýä ýaýylmagy babatda uly işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys!

Röwşen GYLYÇMYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok