Milli gymmatlyklarymyz – ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda medeniýetiň hem-de bilimiň ösdürilmegine, medeni we tebigy mirasyň aýawly saklanylmagyna hem-de ýaş nesilleriň arasynda wagyz edilmegine uly üns berilýär. Bu möhüm wezipeler Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen ruhy gymmatlyklarymyzy ösdürmek we kämilleşdirmek ata Watanymyzyň medeni ugurda at-abraýynyň dünýä ýaýylmagyna tarap ýolunda daýanç nokady bolup hyzmat edýär. Türkmenistan dünýä giňişliginde diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde däl-de, ruhy taýdan baý, döredijilikli ýurt hökmünde hem halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde medeni diplomatiýany işjeň alyp barýar. Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz bolan Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý galalary, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», hem-de Türkmen Keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlyklary bolan ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen, olary Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.  Çünki milli ýörelgeler, özboluşly däp-dessurlar, dürli ugurly bilimler we başarnyklar, täsin tehnologiýalar hem-de senetçilik işleri maddy däl taryhy hem medeni miras bolup çykyş edýär.

Türkmen halkymyzyň şeýle milli gymmatlarynyň, taryhy ýadygärlikleriniň bu abraýly sanawa girizilmegi bu gymmatlyklarymyza berilýän uly ünsden, belent sarpadan nyşandyr. Ýurdumyz bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti barha artyp, ata Watanymyz milli we umumadamzat gymmatlyklary gorap saklamaga, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine ygrarly bolup durýar. Bular bilen birlikde, geçen döwürde ýurdumyzda birbada iki sany ýokary okuw mekdebinde ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň açylmagy-da bellenmäge laýykdyr. ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň döredilmeginiň esasy maksady bolsa ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini we ugurlaryny, adamlaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek baradaky maksatlaryny wagyz etmek üçin talyp ýaşlary çekmekden ybaratdyr. Munuň özi, halklaryň medeniýetleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, medeni-taryhy gymmatlyklary gorap saklamaga, tebigaty goramak bilen birlikde halkara guramasynyň ugurlaryny ösdürmeklige hem itergi berýär. Şeýle medeni mirasymyzy halkara derejesinde şöhratlandyrmak babatda öňe sürülýän asylly maksatlar bolsa her birimiziň kalbynda çäksiz buýsanjy has-da artdyrýar.

Güljan NAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok