Berkarar döwrümizde Arkadagly Serdarymyz taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, mirasymyzyň içgin öwrenilmegi, goralyp saklanylmagy we geljekki nesillere ýetirilmegi babatdaky işlere uly üns berýär. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjy hem söýgini döretmekde, şöhratly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Ýurdumyzda bu ugruň hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär, ähli welaýatlarda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak we rejelemek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Milli hem-de daşary ýurtly alymlar üçin uly gyzyklanma döredýän ýadygärliklerde ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary, «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, Türkmen milli halyçylyk sungaty, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», hem-de Türkmen keşdeçilik sungaty ýurdumyzyň medeni ugurda gazanan halkara üstünligidir.
Türkmen halkynyň täsin ruhy baýlygyny talabalaýyk gorap saklamak, hasaba almak hem-de baýlaşdyrmak, medeniýetleriň gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde öňde goýlan wezipeler üstünlikli çözülýär. Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy öwrenmek hem-de wagyz etmek işinde diýarymyzyň dürli künjeklerindäki muzeýler we kitaphanalar medeni ojaklar bolup durýar. Olar ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanylan çeper gymmatlyklary, täsin taryhy subutnamalary we tapyndylary özlerinde birleşdirýärler. Türkmen topragynyň, merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda sünnäläp şu günlere getiren milli gymmatlyklary biziň buýsanjymyzdyr, eziz ýurdumyzyň şöhratly geçmişi, bagtyýar şu güni hem nurana geljeginiň çelgisidir. Bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan Watanymyz durnukly, parahatçylyk söýüji hem-de medeni ulgamda okgunly ösýän döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Türkmen halkynyň örän baý taryhy-medeni mirasy, Diýarymyzyň döredijilik kuwwaty Watanymyzyň ösüşlere tarap okgunly öňe gitmegine ýardam berýär.
Mükerrem RUSTAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.
Teswirler