Bagtyýar eýýamda Türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etmeginde asyrlaryň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan eziz halkymyzyň medeni mirasyny, milli hem ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, has-da baýlaşdyrmak we tutuş dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy göwünleri guwanja besleýär. Bu mukaddes ýörelge ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO bilen halkara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy bellenmäge laýykdyr. Dürli ýyllarda ýurdumyzyň çäginde bar bolan taryhy ýadygärlikler, halkymyzyň edebi mirasy ÝUNESKO-nyň görnükli sanawyna girizildi. Şolaryň hatarynda türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu ebedi hem ajaýyp sungatyň medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny ykrar edýär.
Häzirki döwürde ezber elli zenanlarymyz, çeper elli gelin-gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän biri-birinden gözel hem-de nepis el işleri, keşdedir nagyşlar döwrümiziň gözelligine gözellik goşýar. Munuň özi ene-mamalarymyzyň gözellige teşneliginiň bimöçber bolandygynyň kepili bolmak bilen, irginsiz zähmetiniň netijesinde dörän gaýtalanmajak öwüşginli milli gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna ýol salýar. Adamzat özüni gurşap alan dünýäniň gözelligini ruhy dünýäsiniň gözelligi bilen sazlaşdyryp, gaýtalanmajak sungat eserlerini döredýär. Türkmen zenanlarymyzy, gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän ajaýyp keşdeler özüniň özboluşlylygy, çeperçiliginiň kämilligi, reňkiniň salnyşy bilen görenleri haýrana goýýar. Keşdelere salynýan nagyşlarda halkyň ruhy dünýäsiniň keşbi, milli ýol-ýörelgeleri jemlenendir. Milli lybaslarymyza, kürtedir çabytlarymyza, köz ýaly ýanyp duran keteni köýneklere salynýan keşdedir nagyşlar gelin-gyzlarymyzyň içki dünýäsiniň gözelliginiň, çeperçiliginiň, kämilliginiň görkezijisidir. Şeýle nepis hem müdimi senediň dünýä derejesinde ykrar edilmegi bolsa hormatly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň yzygiderli durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy strategiýasynyň ajaýyp miweleri bolup, köpugurly halkara gatnaşyklary giňeltmäge, ynsanperwer gatnaşyklary baýlaşdyrmaga we medeni diplomatiýany ösdürmäge ýardam edýär.
Ogulnabat KEBELIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler