Şöhratly türkmen halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmegiň we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi dowam etdirmegiň täze taryhy döwrüň esasy wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Halkara bileleşiginiň we dünýä jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasyna degişli desgalara gyzyklanmalary ýyl-ýyldan artýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyz baý milli taryhy-medeni gymmatlyklary bilen tutuş halkara bileleşigine ynamly açylýar. Halkymyzyň baý medeniýetiniň bolandygyny äşgär edýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolup, ol gymmatlyklar dünýäde giňden ykrar edilýär.
Sahawatly türkmen topragymyzda dünýäde ilkinji ekerançylyk medeniýetiniň bolandygyny kesgitleýän Goňurdepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýadygärlikleri, şöhratly galalary, Gökdepe galasy ýaly açyk asmanyň astyndaky özboluşly muzeýleri bar. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri umumadamzat gymmatlygy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ýurdumyzyň milli gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda hem görkezilmegi, dünýä ýaýylmagy hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini aýap saklamak, öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändiginiň aýdyň netijesidir. Döwletimizde medeni gymmatlyklaryň degişli derejede goralyp saklanylmagyna gönükdirilen birnäçe kadalaşdyryjy hukuknamalary hem kabul edilip, bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär. Milli medeniýetiň işini kämilleşdirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek boýunça işler dowam eder, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi, taryhy-medeni mirasyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek boýunça zerur çäreler yzygiderli görülýär. Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilýän desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça işler hem alnyp barylýar. Taryhy ýadygärlikler we türkmen topragynda ýüze çykarylan gadymy tapyndylar dünýäniň taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Bu beýik maksatlaryň durmuşa geçirilmegi türkmen halkynyň gadymy taryhynyň, baý medeni mirasynyň, milli gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmegini hem-de geljek nesillere ýetirilmegini, dünýäde giňden wagyz edilmegini şertlendirýär. Halkymyzyň bäş müň şöhratly taryhy, özboluşly däp-dessurlary, milliligi ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamda ýeten derejesini äşgär etmek bilen, giň halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýol açýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Abdulla RAHMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler