Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, medeni mirasymyzy goramak, ösdürmek, döwrebap hem kämil derejä ýetirmek ugrunda ähli şertler döredilýär. Medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek arkaly olaryň gymmatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda jemgyýetiň ruhy baýlyklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülen, halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek we geljekki nesillere ýetirmek babatynda edilýän tagallalaryň gerimi barha giňeýär.
Merdana halkymyzyň döreden taryhy we medeni mirasynyň naýbaşy nusgalarynyň dünýä medeniýetinde tutýan ornuny ykrar etmekde we ebedileşdirmekde BMG-niň ÝUNESKO guramasy bilen bilelikdäki alnyp barylýan köptaraplaýyn işlerde üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy şol gymmatlyklaryň umumadamzat taryhyny öwrenmekde ähmiýetiniň örän uludygyna güwä geçýär. Munuň şeýledigini ýadygärliklerden tapylan dürli gymmatlyklar doly tassyklaýar. Gadymy Merw ýadygärlikler toplumy bu abraýly sanawa goşulan ilkinji nusga bolup, ondan soň ylmy taýdan gymmaty uly bolan Köneürgenç ýadygärlikleri, taryhy arheologik toplum bolan Nusaý galalary, halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhy durmuşyny, döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän «Görogly dessançylyk sungaty», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny», «Türkmen keşdeçilik sungaty» ýaly umumadamzat ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna» girizildi. Şeýle hem häzirki döwürde ahalteke atlaryny seýislemek sungatynyň we türkmen alabaýlaryny köpeltmegiň milli aýratynlyklary baradaky hödürnamany taýýarlamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi bolsa geçmişi şöhratly ata-babalarymyzyň, merdana halkymyzyň döredijilikli durmuşynyň esasy hökmünde dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandyny alamatlandyrýar.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky medeni diplomatiýa ýylsaýyn rowaçlanýar. Muňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek ýaly işler hem aýdyň mysal bolup, bu abraýly halkara guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejelerine ýetirmäge itergi berýär. Türkmenistan Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň barha belende galmagy, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagy babatda netijeli işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Begnazar REJEBOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler