Golaýda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Ylmy-amaly maslahat «Magtymguly Pyragy dünýä edebiýatynyň görnükli şahyrydyr» mowzugy boýunça geçirildi. Maslahata ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleriniň muşdaklary gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler parahatçylygy we jebisligi, milli gymmatlyklary öňe sürýän beýik şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berdiler, şeýle hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we berkitmek baradaky umumy isleglerini mälim etdiler.
Ýeri gelende belläp geçsek, beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek ýyly bolan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
Jumagözel ÖWEZLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler