Türkmenistandaky iň uly palçykly patlawuklaryň biri işjeň ýagdaýa geçdi!

Türkmenistanyň günorta-günbatarynda ýerleşýän dünýädäki iň uly palçykly patlawuklaryň biri bolan Akpatlawuk golaýda çogup başlady. 

Kraterden beýikligi 60 metre golaý tümmek çoganda çuňňur dem almany ýatladýan ses çykýar. Daşyna ýarym suwuk palçykly läbik – palçygyň, nebitiň, suwuň we çöken jynslaryň döwükleriniň garyndysy çykýar.

Hünärmenler, çogmanyň başlanmagynyň sebäbini gazlaryň ýygnanmagy we ýerasty suwlaryň patlawugyň  ýerdäki bölegine işjeň girmegi bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Patlawugyň çoguş gerimi we işjeňligi häzir howpsuz ýagdaýda bolup durýar.

Belläp geçsek, patlawugyň diametri 150 metr deň bolan krater köli sowuk bolup galýan gaýnan magma bilen doly. Ony Türkmenistanyň şypahanalarynda bejergi maksatlarynda ulanýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok