Baş arçanyň çyralary ýakyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýerleşýän “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň ýanyndaky meýdançada guralan Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy boldy. Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr, Garpamygyň gelmegi bilen Baş arça dürli yşyklara beslenip, lowurdap öwşün atdy. Arçanyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasyna paýtagtymyzyň müňlerçesi we myhmanlary gatnaşdylar.

Aýazbabanyň baýramçylyk haltasyndan çykaran naz-nygmatly sowgatlary çagalar üçin iň arzyly sylag boldy. Ýaşajyk Türkmenistanlylar Aýazbabadyr Garpamyk bilen gol tutuşyp, şatlyk-şowhun bilen arçanyň daşyndan aýlandylar.

Baş Arçanyň müň dürli reňkdäki yşyklary asuda asmany ýagtylandyrdy. Bu dabara baran diňe bir körpejelerde däl eýsem uly ýaşdaky adamlarda hem uly täsir galdyrdy. Soňra baýramçylyk dabarasy belli estrada aýdymçylarynyň, teatr we tans toparlarynyň, ýaşajyk artistleriň täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdym-sazly konserti bilen jemlendi.

Atajan Eýýupow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok