Kapsikum ýa-da bezeg burçy

Mälim bolşy ýaly, burç dünýä ýüzünde giň ýaýran gök önümleriň biri bolup, onuň azyklyk ähmiýeti diýseň uludyr. Burçuň ençeme görnüşleri we sortlary bolup, olaryň biri-de bezeg maksatly kapsikumdyr. Bu burç adaty burçdan ösdürilip ýetişdirilişiniň biraz aňsatlygy bilen tapawutlanýar. Kapsikumyň miwesi ownuk, uzyn we ýakymly ysly bolýar. Kapsikum sözi «capsa» diýen latyn sözünden bolup, «guty» diýmegi aňladýar. Bezeg burçunyň hem daşky görnüşi, reňki, ululygy boýunça tapawutlanýan görnüşleri bardyr. Bezeg burçy ulaldygyça miwesiniň ýaşyl reňkini ýitirip, görnüşine baglylykda degişli reňke geçýär. Bezeg burçuny ösdürip ýetişdirmek üçin ýumşak, öýjük-öýjükli, bitarap gurşawly, gurply toprak bolmaly. Gowy gögermegi üçin toprak hemişe çygly bolmagy zerur, kadaly ýylylyk +20+25 dereje bolmaly. Tomsuň gelmegi bilen ösümlik owadan güle bürenýär. Gülleýän döwründe hepdede 3 – 4 gezek suwarylyp, güneşli howadan suwarmagyň sanyny köpeltse hem bolýar. Ýygy-ýygydan suwuk görnüşli we çylşyrymly dökünler bilen iýmitlendirilýär. Bezeg burçy otag ösümligi hökmünde hem ýetişdirilýär we otagyň içine gowy bezeg berýär. Ekilenden soň boýy 5-6 sm ýetende, onuň şitiljiklerini küýzelere geçirip, gün şöhlesi düşýän ýerde goýlanda gowy ösüş berýär. Ulaldygyça ol ulurak küýzelere geçirilýär. Kapsikum ýagtylygy söýýän ösümlik. Ony ýylyň islendik möwsüminde otag şertinde ekmeklik bolýar. Bezeg burçunyň meşhur sortlary şulardyr:

Tabasco – bu bezeg burçuň miwesiniň ululygy 5 sm töweregi, reňki mämişi gyzyl reňklidir. Ol meşhur tagamlaryň esasy düzümidir.

Tepin – bu sort gyzyl miweleri bolan sortdur. Onuň miwesi tegelek formaly, noýbanyň ululygyndaky miweleri örän ownukdyr. Ol dermanlyk hökmünde hem ulanylýar.

«Gara merjen» sorty – adyndan belli bolşy ýaly onuň miwesi gara reňklidir. Ol düzüminde köp sanly alkoloidleri saklaýar. Ondan dürli himiki maddalar, dermanlyk serişdeler alynýar. Ýapraklary dykyz ýerleşen. Boýy 20-40 sm deň, özi-de ýakymly yslydyr.

Aýsoltan HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok